Katar 2022 Dünýä Kubogyny saýlama tapgyrynyň çäklerinde Günorta Amerika zolagynda Braziliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Kolumbiýany kabul etdi. Duşuşyk 1-0 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Sambaçylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 72-nji minutda Neýmaryň pasyndan soň Lukas Paketa geçirdi. Şeýlelikde, ýeňlişsiz barýan Braziliýanyň ýygyndysy 12 oýunda 34 utuk toplap, wagtyndan öň Katar 2022 Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Ähli Dünýä Kubogy ýaryşlaryna gatnaşan Braziliýa 22-nji gezek futbolyň iň uly bäsleşiginde çykyş eder. Ol Katar 2022-ä ýollanma gazanan 4-nji topar boldy (Katar, Germaniýa, Daniýa).

Günorta Amerika zolagynda beýleki duşuşyklarda Ekwador Wensuelany 1-0, Çili myhmançylykda Paragwaýy 1-0, Peru bolsa Boliwiýany 3-0 ýeňdi. 13 tapgyryň soňky duşuşygy-da şu gije oýnalar (Urugwaý-Argentina).