Katar 2022 Dünýä Kubogyny saýlama tapgyrynyň çäklerinde Ýewropa zolagynda “H” toparçada final tapgyryna dalaş edýän iki ýygyndy – Russiýadyr Horwatiýanyň milli toparlary özara jemleýji duşuşyklaryndan öň uly hasaply ýeňiş gazandy. Russiýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Kipri 6-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Russiýanyň gollaryny Aleksandr Ýerohin (4, 87), Fýodor Smolow (55), Andreý Mostowoý (56), Alekseý Sutormin (62) hem-de Anton Zabolotnyý derwezä girizdi.

Ikinji ýerdäki horwatlar myhmançylykda Maltadan 7-1 üstün çykdy. 1-nji ýarymda 4 gol geçiren myhmanlaryň adyndan Perişiç (6), Çaleta-Sar (22), Paşaliç (39), Modriç (45+1), Maýer (47, 64) hem-de Kramariç (53) tapawutlandy. Maltanyň ýeke-täk pökgüsini-de Brozowiç 31-nji minutda öz derwezesinden geçirdi. Slowakiýa bilen Sloweniýanyň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady (2-2).

Ruslara deňlik hem bolýar, horwatlara ýeňiş gerel

Bu toparçadan Dünýä Kubogyna gatnaşjak ýygyndyny kesgitleýän oýun 14-nji noýabrda ýekşenbe güni Splitde oýnalar. 19:00-da başlajak bu oýunda Horwatiýanyň ýygyndysy Russiýanyň ýygyndysyny kabul eder. 22 utukly ruslara deňligiň ýetýän bu duşuşygynda 20 utukly horwatlaryň Katar 2022-ä gitmegi üçin ýeňiş gazanmagy zerur.