Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerine garşy göreş baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň indiki maslahaty 2022-nji ýylda Müsürde (COP27), 2023-nji ýylda bolsa, BAE-de (COP28) geçiriler. Bu barada COP26 maslahatyna ýolbaşçylyk eden Beýik Britaniýanyň Ministrler Kabinetiniň agzasy Alok Şarma habar berdi.
-Eger-de garşylyk bolmasa, bu şeýle tertipde bolar – diýip, indiki maslahatyň maksatnamasy kabul edilenden soň Alok Şarma aýtdy.
“Sebit toparlarynyň, ýurtlar arasynda aýlaw ýörelgelerini ulanmagyny dowam etdirmek bilen, COP27-ni kabul etjek ýurt Afrikadan, COP28-i kabul etjek ýurt bolsa Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden bolmalydyr” diýlip maslahatyň maksatnamasynda bellenilýär.
Şondan soň Müsüriň we Birleşen Arap Emirlikleriniň dalaşgärligi hödürlendi. Bu karar 11-nji noýabrda tassyklandy. BMG-niň howa maslahaty 31-nji oktýabrdan 12-nji noýabr aralygynda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçirildi. Onuň işine 200 töweregi ýurduň wekiliýetleri gatnaşdy.