Uçar gatnawynyň ygtybarlydygy sebäpli olarda ýolagçylar we daşalýan ýükler üçin mümkin boldugyça ýerleriň äh­lisi ulanylmaga çalşylýar. Sebäbi howa gä­mi­si näçe köp ýolagçy gatnatsa, şonça-da gir­dejili bolýar. “Airbus” kompaniýasy uçar­laryň içiniň giňişligini gysga wagtda üýt­ge­dip bolýan täze usuly işläp taýýarlaýar. Kom­pa­niýanyň döreden A3 atly şereketi uçuşyň mak­sadyna laýyklykda, onuň içinde gysga wagt­da kabinalary oturtmagy teklip edýär. Şeý­lelikde, uçarlarda “birinji klas”, “biznes klas” ýa-da “ekonomi klas” ýaly bölümleriň ýe­rine çaýhana, ýatylýan otag ýaly başgaça bö­lümler hem bolar. Şeýle-de çagalar üçin ýö­rite oýun meýdançasy hem bolar.
Bu usul ilkinji nobatda, ýük gatnawyna ni­ýet­lenen A330 modellerde ulanylar. Sebäbi olar­da uly gapylar bolup, bulardan taý­ýar kabinalary uçara aňsatlyk bilen gi­riz­mek mümkin. Olar, esasan hem, has uzak ara­lyga gatnaýan uçarlarda peýdalanylar. Ýew­ropanyň uçar öndüriji kompaniýasy 2013-nji ýylda içini üýtgedip bolýan uçar­laryň önümçiligi üçin ýörite patent alyp­dyr. Hünärmenler uçarlara kabinalar ýer­leş­dirilende, olaryň agramynyň uçaryň deň­agramlylygyny bozmajak derejede bol­ma­gyna aýratyn üns berýärler. Şeýle uçarlar ýo­lagçylaryň uçuş döwründe olaryň wagtyny gy­zykly geçirmeklerine mümkinçilik berer.