Her ýylyň 13-nji noýabrynda Bütindünýä hoşniýetlilik gününiň bellenilmegi däbe öwrülip, bu senäniň dörän wagty bolsa 1998-nji ýylda Tokioda Bütindünýä hoşniýetlilik hereketiniň 1-nji konferensiýasynyň açylyş güni bilen baglydy. Bu çärä Awstraliýa, Kanada, Ýaponiýa, Taýland, Singapur, Beýik Britaniýa we ABŞ-nyň wekilleri gatnaşdy, Soňra beýleki ýurtlar hem bu Herekete goşuldy.

“Dünýä hoşniýetlilik hereketi” guramasy şondan bir ýyl öň, 1997-nji ýylda Ýaponiýada döredilýär. Häzirki wagtda hoşniýetli, ak ýürekli, asylly iş etmek isleýänleriň hemmesi oňa goşulyp bilerler. Mundan başga-da, Hereketiň agzalarynyň esasy aragatnaşygy internet arkaly amala aşyrylýar, bu ýerde öz işlerinde gowy işler ideýalary we durmuşa geçirmegiň ýollary barada pikir alşylýar.

Hereketiň öz resmi resminamasy bolan “Hoşniýetlilik jarnamasy” hem bar: “Biz ýönekeý ynsanperwerligiň kanagatlanarly we manyly durmuş üçin esasy şerti hökmünde ykrar edýäris we bu resminama bilen Bütindünýä hoşniýetlilik hereketiniň döredilendigini yglan edýäris. Her ýurtdaky guramalaryň üsti bilen birleşip, bütindünýä ulgamyny döretmek we has mähirli we duýgudaş dünýä döretmek üçin tagalla ederis”. Häzirki zaman ýokary tehnologiýaly we ýokary tizlikli dünýäde adam duýgularynyň we ahlak häsiýetleriniň ýygy-ýygydan pese gaçýandygy we adamlaryň arasynda hoşniýetliligiň ýokdugy hiç kim üçin syr däl. Şonuň üçin hem adam gatnaşyklaryny hoşniýetli saklamagyň we ýagşylyk etmegiň asla kyn däldigine we ýagşylygyň netijesine düşünmek üçin käbir ýurtlarda birnäçe çäreler geçirilýär.Döredijileriň pikirine görä, Bütindünýä hoşniýetlilik gününiň ýene bir maksady, dil we medeni tapawutlara garamazdan, dürli halklaryň birleşmegini öňe sürmek. Hakykatdan hem, diňe çyn ýürekden edilen işler we amallar esasynda özboluşlylygy saklamak bilen agzybirlige we özara düşünişmeklige ýetip bolar.

Gülşirin ATAJANOWA,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.