Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň “H” toparçasynda final tapgyryna gatnaşjak topary kesgitleýän duşuşyk dramatik ýagdaýda tamamlandy. 2 utuk öňde bolan Russiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Horwatiýa bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň agramly böleginde horwatlary oýny agdyklyk etdi. Ýöne ýeňijini soňky minutlarda gelen awtogol kesgitledi. Deňme-deňligiň ruslar üçin ýeterlik bolan duşuşygynda Horwatiýanyň ýygyndysy 1-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Russiýa 2018 Dünýä Kubogynyň finalçysyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 81-nji minutda Fýodor Kudrýaşow öz derwezesinden geçirdi. Şunlukda, horwatlar 6-njy sapar Dünýä Kubogyna gatnaşarlar. Karpiniň tälimçiliginde ilkinji gezek utulan Russiýanyň ýygyndysy bolsa pleý-off tapgyryndan Dünýä Kubogyna gatnaşmak üçin göreşer.