14-nji noýabrda Bolgariýada möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynda “Özgerişlikleri dowam etdirýäris” atly täze syýasy bileleşik öňdeligi eýeledi. Merkezi saýlaw toparynyň resmi web sahypasynda ýaýradylan maglumatlara görä, saýlawçylaryň 24,86%-i “Özgerişlikleri dowam etdirýäris” bileleşigine ses berdiler. “Hukuklar we azatlyklar hereketi” 20,84% bilen ikinji orny, “Demokratik güýçler bileleşigi” bilen bileleşen “Bolgariýanyň Ýewropa ösüşi üçin raýatlar” (GERB) partiýasy 18,45% bilen üçünji orny eýeleýär. Parlamentiň 47-nji çagyryşynyň düzüminde raýatlaryň 10,26%-iniň ses beren “Şeýle adamlar bar” partiýasy hem bar. “Bolgar sosialistik partiýasy” 7,69% ses alyp, bäşinji orunda durýar. “Demokratik Bolgariýa” bileleşigi 5,95% sesi alan bolsa, “Galkynyş” partiýasy – 5,6% göterim sese eýe boly. Galan syýasy bileleşikler häzirki wagtda dört göterim saýlaw päsgelçiligini ýeňip geçmeýär.

Şeýle-de Respublikada geçirilen Prezident saýlawlarynda ikinji möhlete dalaşgärlik edýän häzirki döwlet Baştutany Rumen Radew 45,58% bilen öňdeligi eýeleýär. “Hukuklar we azatlyklar hereketiniň” dalaşgäri  Mustafa Karadaý – 20% bilen ikinji orny, garaşsyz dalaşgär Anastas Gejikow bolsa, 19,16% bilen üçünji orny eýeleýär.

Şeýlelikde, Bolgariýada möhletinden öň parlament we Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry tamamlandy. Ses bermek işleri ýokary netijeliligi görkezýän ýöriteleşdirilen enjamlaryň kömegi bilen geçirildi. Bolgariýanyň Milli Assambleýasynyň 47-nji çagyryşynyň 240 orny üçin 20 partiýanyň wekili we ýedi bileleşik, şeýle-de prezidentiň wezipesine 23 dalaşgär bäsleşdi.