Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Günorta Amerika zolagynda Argentinanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Braziliýa bilen duşuşdy. Iki köne bäsdeşiň duşuşygyndan gol sesi eşidilmedi. Şeýlelikde, bu deňlik argentinleriň Dünýa Kubogyna gatnaşmagy üçin ýeterlik boldy. Messi we ýoldaşlary 18-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş ederler. Günorta Amerika zolagynyň güýçli wekillerinden Urugwaýyň pese gaçyşlygy dowam edýär. Güýçli oýunçylarynyň bardygyna garamazdan, Boliwiýadan 3-0 utuldy. Edil şonuň ýaly Çiliniň ýygyndysy-da şowsuz netijeler gazanmagyny dowam edýär. Olar öz meýdançasynda Ekwadordan 2-0 ýeňildiler. Şeýle-de Peru myhmançylykda Wenesuelany 2-1 ýeňen bolsa, Kolumbiýa bilen Paragwaýyň arasynda oýunda hasap açylmady.