Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Aziýa zolagynda “A” toparçada Eýranyň ýygyndysynyň liderligi dowam edýär. Olar myhmançylykda (Iordaniýada) Siriýany Azmun (33), Hajsafi (42 p) hem-de Golizadehiň (89) gollary bilen 3-0 ýeňdi. 6 oýunda 16 utuk toplan Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Kubogyna gatnaşmagy üçin ýene-de bir ýeňiş ýeterlik bolar. Nobatdaky gezek Eýranyň ýygyndysy geljek ýylyň 27-nji ýanwarynda Yragyň ýygyndysyny kabul eder.

Toparçada beýleki oýunlarda Günorta Koreýanyň ýygyndysy hem myhmançylykda 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Koreýlere ýeňiş getiren gollary Žae-sun Li (33), Hyn-min Son (74 p) hem-de Wu-ýeon Žeon (80) geçirdi. 14 utuk bilen 2-nji ýerde barýan koreýler indiki tapgyrda Liwany ýeňip, BAE hem utuk ýitirse, Dünýä Kubogyna ýollanma gazanar.

  • Koreýa-BAE: 1-0, Liwan-Eýran: 1-2, Yrak-Siriýa: 1-1;
  • Yrak- G. Koreýa: 0-3, Siriýa-Eýran: 0-3, Liwan-BAE: 0-1