Iňlis dilini öwrenýänleriň giňden ulanýan “Kembrij” sözlügi ýylyň sözüni yglan etdi. Sözlügiň redaktorlary NASA-nyň Mars missiýasyna barha artýan global gyzyklanma ünsüni çekip, 2021-nji ýylyň sözüni “Perseverans” diýip yglan etdiler. Bu sözüň 2021-nji ýylda sözlügiň web sahypasynda 243 müňden gowrak gezek gözlenendigi mälim edildi. Bu söz gaýrat, tagalla ýaly manylary berýän bu söze Kembrij sözlügi “bir zady etmek üçin yzygiderli edilýän tagalla” diýip düşündiriş berýär.

Golaýda “Oxford” sözlügi hem ýylyň sözüni (vax) mälim edipdi.