Müsürli we germaniýaly arheologlar Kairiň demirgazygynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde faraon Nektaneb I-iň (miladydan öň 380-363) aramgähiniň böleklerini ýüze çykardylar. Ol Müsür faraonlarynyň soňky ýerli dinastiýasynyň düýbüni tutujy hasaplanyp, aradan çykandan 20 ýyl soň bu sebiti müsürliler dolandyrmandyr.

Arheologlar ybadathananyň demirgazyk we günbatar künjegini emele getirýän äpet bazalt bölekleri tapdylar. Bölekleriň üstünde Müsüriň dürli çäk birliklerini şekillendirýän barelýefler saklanyp galypdyr. Daşlaryň üstündäki ýazgylar, Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrliginiň habaryna görä, Nektanebiň (miladydan öň 366-365) hökümdarlygynyň 13-nji we 14-nji ýyllaryny görkezýär.

Arheologlar Ramses II, Osorkon I, Tutmos III ýaly faraonlaryň döwrüne degişli zatlaryň üstünden barandyklaryny aýtdylar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerde otuzynjy neberäniň döwründe Heliopolis ýa-da Iunu ýaly Müsüriň iň gadymy şäherleri ýerleşýärdi. Şäher üç müň ýylyň dowamynda gülläp ösýär, emma biziň eýýamymyzyň başynda ýaşaýjylar ony terk edensoň pese düşüp ugraýar. Geliopolýada yzygiderli gazuw-agtaryş işleri diňe ХХ asyrda başlanýar.