Häzirki wagtda Ýewropa ýurtlarynda tokaý ýangynlarynyň öňüni almak üçin dürli çäreler geçirilýär. Bu meselede Germaniýanyň «Drýad» kompaniýasy innowasion çözgüt oýlap tapdy. Munuň üçin agaç ýapraklary görnüşinde ýörite enjam taýýarlanyldy. Agaçlara ýerleşdiriljek bu enjam ýangyn bolmazdan ozal emele gelýän gaz yslaryny ýüze çykaryp, ony tokaý hojalygyna habar berer.
Bu enjamlar Gün batareýalary arkaly işlär. Olar biri-birinden 3 kilometr uzaklykdaky agaçlarda ýerleşdiriler. Adatça, tokaý ýangynlarynyň öňüni almak üçin ýokarda ýerleşdirilen kameralar we emeli hemra arkaly gözegçilik edilýär.
Täze taslamanyň tokaý ýangynlaryna garşy göreşde peýdaly boljakdygy mälim edilýär. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldaw alan bu taslama işjeň durmuşa geçiriler.
Hojaberdi ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.