Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy ýok bo­lup gid­ýän ýa-da zy­ýan ýet­ýän su­rat, heý­kel, bi­na­lar we beý­le­ki me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri 2030-njy ýy­la çen­li san­ly­laş­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Mu­nuň üçin bu gym­mat­ly eser­le­riň 3D mo­de­li dö­re­di­ler. Şeý­le hem de­giş­li döw­re çen­li sy­ýa­hat­çy­lar ta­ra­pyn­dan meş­hur­lyk ga­za­nan me­de­ni des­ga­la­ryň ýa­ry­sy­nyň san­ly gö­çür­me­si­ni dü­z­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Şeý­le­lik­de, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy me­de­ni we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň gel­jek ne­sil­ler üçin sak­la­nyp ga­l­ma­gy­ny gazan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ol hem şol bir wagt­da ýe­ke-täk san­ly me­de­ni gur­şa­wy dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň bu tas­la­ma­sy Ýew­ro­pa­nyň iri on­laýn ki­tap­ha­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne hem müm­kin­çi­lik be­rer. San­ly ki­tap­ha­na­nyň sa­hy­pa­la­ryn­da me­de­ni des­ga­la­ryň san­ly nus­ga­la­ry bo­lup, gel­jek ne­s­liň bu ba­ra­da mag­lu­mat al­ma­gy­na şert dö­re­di­ler.
Ki­tap­ha­na­nyň ýö­ri­te sa­hy­pa­la­ryn­da Ýew­ro­pa­nyň mu­zeý­le­ri­niň, ga­le­re­ýa­la­ry­nyň, ki­tap­ha­na­la­ry­nyň we ar­hiw­le­ri­niň san­ly su­rat­la­ryň, ki­tap­la­ryň, bi­na­la­ryň we meý­dan­ça­la­ryň 3D mo­del­le­ri­ni ýük­läp bo­lar.

Ýu­sup HAL­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.