Hytaýyň Başlygy Si Szinpin öz ýurdunyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasyna (ASEAN) ýakyn üç ýylda 1,5 milliard dollar kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Si Szinpin Hytaý bilen ASEAN-yň arasynda gepleşikleriň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sammitdäki wideo çykyşynda -Hytaý ASEAN-a geljek üç ýylda ösüş üçin goşmaça 1,5 milliard dollar kömek bermäge taýýardyr, bu serişdeler pandemiýa garşy göreşmek we ASEAN ýurtlarynyň ykdysadyýetini dikeltmek üçin niýetlenendir – diýip aýtdy.
Hytaýyň Lideri ýurdunyň ASEAN ýurtlary üçin elmydama açyk boljak ägirt uly içerki bazarynyň bardygyny, HHR-iň birleşigiň ýurtlaryndan has ýokary hilli önümleri import etmäge taýýardygyny, şol sanda, ýakyn bäş ýylda Hytaýyň ASEAN ýurtlaryndan 150 milliard dollara barabar oba hojalyk önümlerini satyn almakçydygyny belledi.
-Şeýle-de Hytaý “Hytaýyň we ASEAN-nyň saglyk galkany” atly bilelikdäki başlangyjyny ýola goýmaga taýyn bolup, sanjymyň derejesini ýokarlandyrmaga kömek etmek maksady bilen tölegsiz esasda sebitiň bileleşik ýurtlaryna COVID-19 garşy goşmaça 150 million doza sanjym berer. Mundan başga-da, başlangyjyň bir bölegi hökmünde Hytaý ASEAN-yň pandemiýa gaznasyna sanjymlaryň bilelikde öndürilmegini we tehnologiýalaryň berilmegini artdyrmak, şeýle-de, esasy barlaglar we derman öndürmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin goşmaça 5 million dollar bermäge taýýardyr – diýip, Si Szinpin belledi.
-Bulardan başga-da, Hytaý ASEAN ýurtlaryna jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmäge we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň adatdan daşary ýagdaýlaryna garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak üçin kömek etmäge taýýardyr – diýip Si Szinpin belledi.
2021-nji ýylyň 10 aýynyň netijelerine görä, Hytaýyň ASEAN bilen söwda dolanyşygy 703,335 milliard dollar boldy.
1967-nji ýylda döredilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN) 10 ýurduň sebitleýin, syýasy, ykdysady we medeni guramasydyr. Bu guramanyň düzümine Taýland, Malaýziýa, Singapur, Indoneziýa, Filippinler, Wýetnam, Laos, Kamboja, Bruneý we Mýanma ýaly döwletler girýär. ASEAN-yň iň ýokary organy döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň sammiti bolup, ýylda iki sapar geçirilýär.