Magdalena Andersson Şwesiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişenden birnäçe sagatdan soň mejbury ýagdaýda işinden gidýändigini mälim etdi. Bu ýagdaý parlamentiň döwlet býujetiniň taslamasyny kabul etmekden ýüz öwürenden soň boldy. Ol – “Eger-de onuň kanunylygyna şübhelenmek üçin esaslar bar bolsa, onda men hökümete ýolbaşçylyk etmek islemeýärin” – diýip, belledi.
Şwesiýanyň taryhynda ilkinji gezek Ministrler Kabinetine zenan saýlanyp, 24-nji noýabrda ýurduň parlamenti Magdalena Anderssonyň dalaşgärligini tassyklady.
117 deputat Şwesiýanyň Sosial-demokratik zähmet partiýasynyň başlygyna ses berdi, 174 oppozisiýa agzasy garşy çykdy, galanlary saklandy. Şeýle-de bolsa, ýurduň kanunlaryna laýyklykda köplük goldawyny almazdan, Premýer-ministr 175 adam garşy çykmasa, işe başlap bilýär.
Magdalena Andersson ozal Halkara pul gaznasynyň düzümindäki halkara pul we maliýe komitetiniň başlygy we Şwesiýanyň maliýe ministri bolup işledi we bu edara ýolbaşçylyk eden ilkinji zenan boldy.
Şwesiýanyň öňki premýer-ministri Stefan Lýowen 10-njy noýabrda işinden çekilipdi.