Ata­sy dört og­lu­na mel­le­gi deň bö­lek­le­re bö­lüp, agaç na­hal­la­ry­ny ek­me­gi tab­şyr­ýar. Em­ma ogul­la­ry mel­lek­de öň­den ösüp otu­ran dört agaçdan her­si­ne bir­i düş­er ýaly edip, bölmegi haýyş edýärler.

Mel­le­giň her bö­le­gin­de bir agaç ga­lar ýa­ly edip, deň dör­de bö­lüp
bi­ler­mi­si­ni­ňiz?!

Ge­çen hep­dä­niň jo­ga­by

Ge­çen hep­de­de Mer­da­nyň bir ra­ket­ka hem-de bir ten­nis to­pu­ny 110 ma­na­da alan­dy­gy­ny, ra­ket­ka­nyň top­dan 100 ma­nat gym­mat­dy­gy­ny aý­dyp, ola­ryň ba­ha­la­ry­ny so­rap­dyk?
Il­ki bi­len bu so­wa­lyň dün­ýä­dä­ki iň köp so­ral­ýan ze­hin so­rag­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni ýat­lad­ýa­rys. Bu so­wa­la adam­la­ryň uly bö­le­gi ra­ket­ka 100, top 10 ma­nat di­ýip jo­gap ber­ýär. Ýog­sam siz hem şeý­le ne­ti­jä ge­lip­midi­ňiz­? Ge­liň, ony ma­te­ma­ti­ka­nyň ka­da­la­ry esa­syn­da çö­ze­liň!
Bir ra­ket­ka­nyň hem-de bir to­puň bi­le­lik­dä­ki ba­ha­sy 110 ma­nat. To­puň ba­ha­sy­ny x di­ýip ka­bul et­sek, ra­ket­ka­nyň ba­ha­sy x+100 bol­ýar. Şeý­le­lik­de, iki­si­niň bi­le­lik­dä­ki ba­ha­sy x+x+100=110 bol­ýar. Bu ýö­ne­keý deň­le­mä­ni çö­ze­ni­miz­de, x=5 jo­ga­by çyk­ýar. Ýag­ny Mer­dan to­py 5 ma­na­da, ra­ket­ka­ny 105 ma­na­da sa­tyn alyp­dyr.