Ýurdumyzyň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan umumydöwlet we pudaklaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, dürli görnüşli önümleriň öndürilmegine möhüm goşant goşmak bilen, türkmen ykdysadyýetiniň depginli we durnukly umumy ösüşini üpjün edýärler. Hususy hojalyklaryň oba hojalygyndaky görkezijileri aýratyn täsir galdyrýar.
Ýerli telekeçiler tarapyndan özleşdirilýän oba hojalyk ýerlerinde pomidor, ýeralma, bakja önümleri, miwe we ir-iýmiş önümçiliginde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmen pomidorlary dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport edilip başlandy.
Maldarçylykda hem ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Agrosenagat toplumynda maldarçylyk hojalygynyň netijeliligini, et we süýt önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly göwrümli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda maldarçylyk hojalygy hem-de guş toplumlary döredilip, et, süýt hem-de ýumurtga bilen üpjünçilik ýola goýuldy.
Oba hojalyk önümlerini öndürijiler degişli ýer bölekleri bilen üpjün edilýär. Häzir bu ýerlerde ýorunja, mekgejöwen, arpa, soýa, jöwen we beýleki iýmlik ekinler ösdürilip ýetişdirilýär.
Türkmenistanda ykdysadyýeti diwesifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksporty artdyrmak babatda milli maksatnamalara laýyklykda önümçilik düzümleri giňeldilýär we içerki hem-de daşarky bazarlar üçin öndürilýän önümleriň sanawy köpeldilýär.
Türkmen telekeçileri diňe bir azyk hem-de oba hojalyk ulgamynda däl, eýsem, senagat ulgamynda hem uly işleri alyp barýarlar. Bu ugurda ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri köp sanly taslamalary durmuşa geçirýärler. Ýerli telekeçiler harytlaryň täze görnüşlerini öndürmäge we eksporty artdyrmaga uly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawod gurlar. Bu ugurda türkmen telekeçileriniň ýeterlik tejribesi bar. Bu taslamany «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti durmuşa geçirer. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge deň bolar. Desganyň gurluşygyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, polipropilen ýüplük öndürmek babatda hem netijeli işler alnyp barylýar.
Aýakgap önümçiliginde hem türkmen telekeçileri baý tejribe topladylar. «Röwşen» we «Gerçek» ýaly aýakgap haryt nyşanlary döräp, ýerli we daşary ýurt bazarynda satuwa çykarylýar. Dürli ýaşdaky çagalar, erkekler we zenanlar üçin dürli aýakgaplar – sport aýakgaplary, rezin aýakgaplar, mekdep torbalary we başga-da şuňa meňzeş zatlary öndürmek babatda giň mümkinçilikler açyldy.
Umuman, hususy pudagyň wekilleri türkmen ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagynda we diwersifikasiýasynda, önümçiligiň göwrümlerini ýokarlandyrmakda we ýokary hilli önümleriň görnüşlerini giňeltmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde wajyp wezipäni ýerine ýetirýär.
Oguljemal AŞYROWA,
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.