Fransiýanyň Nant şäheriniň etegindäki Reze şäherçesiniň ýolbaşçylary ýaşaýjylaryň hususy ýerlerine agaç ekmegini höweslendirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin raýatlara pul sowgatlaryny bermek göz öňünde tutuldy. Nahal ekjek ýaşaýjylara 50 ýewro tölener. Bu sowgady almak üçin şäher ilaty bu sebitde ýetişýän kerkaw, dub ýa-da alma nahalyny oturtmaly. Şeýle hem şäher häkimligi ýerli agaç nahallarynyň 80 görnüşiniň sanawyny düzdi. Töleg agaç ekmek üçin çykdajylaryň 50 göteriminiň öwezini dolmaga mümkinçilik berýär.
Şäher häkimligi şäher giňişligini bagy-bossanlyga öwürmek üçin ilatyň başlangyç toparlaryny goldaýar. Şäher häkimligi köpçülikleýin bag taslamalaryny (mysal üçin, ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki kiçi baglar) maliýeleşdirmegiň köp bölegini öz üstüne alýar. Mundan başga-da, Ýewropanyň beýleki şäherlerinde hem ýaşyl zolaklary döretmekde ýeňillik berilýär. Polşanyň Kaliş şäheri hem ýerli ýaşaýjylaryň arasynda bag ekmek başlangyçlaryny goldamak üçin gozgalmaýan emläkleri salgytdan boşatmagy göz öňünde tutýar.
Ogulkeýik AMANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.