Germaniýada sentýabr aýynda Bundestaga geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan partiýalar täze hökümet gurmak barada ylalaşyk gazandylar. Şeýlelikde ýurtda ozal federal derejede koalisiýa goşulmadyk syýasy güýçler tarapyndan Ministrler Kabineti dörediler. Olar Sosial-demokratlardan (SPD), “Soýuz-90 Ýaşyllardan” we Erkin demokratik partiýadan (FDP) ybarat bolup, oňa Sosial-demokratik partiýanyň lideri Olaf Şols ýolbaşçylyk eder. Ol 8-nji dekabrdan gijä galman kansler saýlanyp, Angela Merkeliň ornuny tutar. Koalisiýa baradaky şertnamanyň bolsa,  ýakyn günlerde gutarnykly tassyklanjakdygy habar berilýär.

Täze hökümetiň maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri howanyň üýtgemegine garşy göreş. 2030-njy ýyla çenli ýurt kömür energiýasyndan ýüz öwürmegi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriň ulanylyşyny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Bu koalisiýa üç partiýanyň nyşanlarynyň reňklerine görä, “Swetofor” diýlip atlandyryldy. Sentýabr aýynda Bundestaga geçirilen saýlawlarda Olaf Şolsyň Sosial-demokratik partiýasy birinji orny eýeläp, bu üç partiýa ynamly köplük gazandy.

Eger-de üýtgeşiklik bolmasa Täze ýyldan öň 16 ýyllap hökümete ýolbaşçylyk eden Kansler Angela Merkel we onuň kabinetiniň ministrleri öz borçlaryny ýerine ýetirmeklerini bes ederler. Angela Merkeliň, Hristian-demokratik bileleşigi sentýabryň ahyrynda Bundestaga geçirilen saýlawlarda ikinji orny eýeledi.