«Collins English Dictionary» sözlügi NFT (non-fungible token) gysgaltmasyny 2021-nji ýylyň iň esasy sözi hökmüde ykrar etdi. Bu söz «sungat eseri ýa-da kolleksiýa ýaly emläklere eýeçilik hukugyny hasaba almak üçin ulanylýan özboluşly sanly şahadatnama» diýmegi aňladýar. Şeýle-de «iki gezek sanjym alan» (double-vaxxed) we «gibrid iş tertibi» (hybrid working) ýaly sözler hem 2021-nji ýylyň esasy sözi bolmaga dalaş etdiler. Emma «Oksford» sözlügi «vax» («sanjym») sözüni 2021-nji ýylyň esasy sözi hökmünde ykrar edipdi.