“New York Times” neşiri dünýäniň iň gowy kitaplaryny kesgitlemek üçin pikir soraşma geçirdi. Sanawa soňky 125 ýylda çap edilen jemi 25 kitap girizildi. Neşir şu ýylyň oktýabr aýynda okyjylardan soňky 125 ýylyň iň gowy kitabyny saýlamaga kömek etmegini haýyş edipdi. Dünýäniň dürli ýerlerindäki okyjylar roman, ýatlama we goşgy kitaplarynyň müňlerçesiniň adyny iberipdirler. Redaktorlar olaryň arasyndan 25 sanysyny saýlap, gaýtadan sese goýdular. Sanawda her bir ýazyjynyň diňe bir kitabyna orun berlipdir. Her bir kitabyň sanawa näme üçin girizilendigi barada gysgaça maglumat hem berlipdir. Bu kitaplaryň käbiri geçmişde baýraga hem mynasyp bolupdyr.

Iňlis ýazyjysy Jorj Orueliň 1949-njy ýylda çap edilen “1984” atly kitaby.

Amerikan ýazyjysy Entoni Dorruň 2014-nji ýylda çap edilen “All the light we cannot see” (“Görüp bilmeýän ähli ýagtylygymyz”) atly kitaby. Bu kitap Pulitzer baýragyna hem mynasyp bolupdy. Eserde geçen asyryň ortalarynda ýaşan fransuz gyz bilen nemes oglanyň hekaýasy gürrüň berilýär.

Amerikan ýazyjysy Toni Morrisonyň 1987-nji ýylda çap edilen “Beloved” (“Söýlen”) atly romany. Bu eser birnäçe gezek halkara baýraklara hem mynasyp bolupdy.

Amerikan ýazyjysy Josef Helleriň 1961-nji ýylda çap edilen “Catch 22” (“22-nji emel”) atly eseri. Bu kitap birnäçe gezek iň gowy kitaplaryň sanawyna girizilipdi.

Sanawda Jon. R.R. Tolkiniň “Ýüzükleriň hökümdary”, Margaret Mitçeliň “Ýel bilen geçip gitdi”, Joan Roulingiň “Garri Potter we pelsepe daşy”, Wladimir Nabokowyň “Lolita” we Gariýel Garsiýanyň “Ýüz ýyl ýalňyzlykda” atly eserleri hem bar.