Hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­myz uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip ta­mam­la­nyp bar­ýar. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl türk­men hal­ky üçin mö­hüm se­ne­le­riň bi­ri bo­lup, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy hem-de paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy uly da­ba­ra­la­ra bes­le­nip, bel­le­nip ge­çil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li hem-de oý­la­ny­şyk­ly içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz be­dew ba­dy bi­len tä­ze ösüş­le­re bar­ýar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň her bir ýy­ly­ny my­na­syp at­lan­dyr­mak in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly hal­ka­ra bas­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ta­mam­la­nyp bar­ýan 2021-nji ýyl pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň ýy­ly­na öw­rül­di.

Se­bä­bi mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len dün­ýä­niň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hem 2021-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­di. Şo­nuň esa­syn­da ýur­du­myz­da hem 2021-nji ýyl «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­di.
Ýu­bi­leý ýy­ly­myz­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da ber­kit­mek, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len köp iş­ler edil­di, mö­hüm res­mi­na­ma­lar ka­bul edil­di. Yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýan ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ryň, şeý­le hem önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň köp san­ly­sy gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýu­bi­leý ýy­ly­myz­da 30 sa­ny iri des­ga­ny işe gi­riz­mek göz öňün­de tu­tu­lan bol­sa, bu me­ýil­na­ma üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, 70-den gow­rak des­ga­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň kuw­wa­ty­nyň esa­sy su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da gu­wan­dy­ry­jy iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Dür­li se­na­gat pu­dak­la­ryn­da ösü­şiň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýän bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da işe gi­ri­zi­lip, dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän, iň döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze önüm­çi­lik top­lum­la­ry, Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat-Te­jen bö­le­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­lan­ma­gyn­da, ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ma­gyn­da mö­hüm orun eýe­lär.
Ýur­du­my­zy ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ama­la aşyr­ýan bi­möç­ber iş­le­ri­niň giň­den wasp edil­me­gi türk­men hal­ky­nyň ab­ra­ýy­na ab­raý goş­ýar. Şo­nuň üçin hem paý­tag­ty­my­zyň hem-de we­la­ýat­la­ryň bag­ty­ýar ila­ty­nyň, dür­li pu­dak­lar­da dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­ýän hü­när­men­le­riň tä­ze ýy­ly «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» di­ýip at­lan­dyr­ma­gy tek­lip et­me­gi hal­ky­my­zyň ru­hu­ny be­len­de gal­dyr­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz bagt­ly za­ma­na­ny esas­lan­dy­ryp, hal­ky­my­zy we Wa­ta­ny­my­zy tä­ze üs­tün­lik­le­re alyp bar­ýar. Gel­jek ýy­lyň şeý­le at­lan­dy­ryl­ma­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za bo­lan be­ýik hor­mat-sar­pa­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rü­ler.
Türk­men hal­ky­ny aý­dyň gel­je­ge alyp bar­ýan, Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris.

Gül­şat AÝ­HA­NO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.