Teh­no­lo­gi­ýa­nyň aky­my ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da üýt­gäp bil­ýär. My­sal üçin pan­de­mi­ýa­nyň ýü­ze çyk­ma­gy uzak ara­lyk­dan iş­le­mä­ge de­giş­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ös­me­gi­ne şert dö­ret­di. «For­bes» ne­şi­ri 2022-nji ýyl­da biz­nes dün­ýä­sin­de ta­pa­wut­lan­jak teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­ra­da çak­la­ma­lar taý­ýar­la­dy. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, aşak­da­ky teh­no­lo­gi­ýa­lar­da has köp ösüş ga­za­ny­lar.
Aw­to­mat­laş­dyr­mak. Bu teh­no­lo­gi­ýa di­ňe önüm­çi­lik­de däl, eý­sem, mag­lu­mat­la­ryň gaý­ta­dan iş­len­me­gin­de hem giň­den peý­da­la­ny­lar. Ki­çi we or­ta öl­çeg­dä­ki kär­ha­na­lar hem tä­ze ne­sil «hyz­mat­daş» ro­bot­lar («cobot») bi­len bäs­le­şer­ler. «Cobot» adam­lar «dü­şü­ni­şip iş­leş­ýän» has ösen ro­bot­lar ha­sap­lan­ýar.
Çak­la­ma da­ýan­ýan sel­je­riş. Bi­ler­men­ler mag­lu­mat sel­je­ri­ji­si­niň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi pu­da­gy üçin äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Çak­la­ma esas­lan­ýan sel­je­ri­ji­ler ki­ber­howp­suz­ly­gy do­lan­dyr­mak­da ýar­dam eder.
Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň hi­li­niň stan­dart­la­ry­. Adam­la­ryň ulan­ýan dür­li en­jam­la­ry­na ýer­leş­di­ri­len prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň hi­li­niň äh­mi­ýe­ti ar­tar. Teh­no­lo­gi­ýa dün­ýä­si prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da eme­li aň we ma­şyn­la­ryň öw­ren­me­gi bi­len bag­ly döw­re ga­dam bas­ýar.
«Akyl­ly» şä­her­ler. Şä­her­ler­de has go­wy we dur­nuk­ly ýa­şa­ýyş üçin hyz­mat­lar hö­dür­le­ner. Ýa­şaý­jy­la­ryň we iş­le­ýän adam­la­ryň gün­de­lik dur­mu­şy­ny has ýe­ňil­leş­dir­mek üçin mag­lu­mat we teh­no­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry or­naş­dy­ry­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2050-nji ýy­la çen­li dün­ýä ila­ty­nyň 68 gö­te­ri­mi­ni şä­her­li­ler eme­le ge­ti­rer.
Web 3.0. Bu adal­ga ula­ny­jy­la­ra ýar­dam et­mek üçin eme­li aň­dan peý­da­lan­ýan, in­ter­net to­ru­nyň mun­dan soň­ky tap­gy­ry ha­sap­lan­ýar. Bu teh­no­lo­gi­ýa­ny hä­zir­ki wagt­da «Ama­zon», «App­le» we «Go­og­le» kom­pa­ni­ýa­la­ry ulan­ýar. 5G-niň ýaý­baň­lan­ma­gy se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­na se­bäp bol­jak «Web 3.0»-uň iri kom­pa­ni­ýa­lar ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­me­gi­ne şert dö­re­der.
Uzak ara­lyk­dan iş­le­mek üçin teh­no­lo­gi­ýa­lar. Bu ugur gel­jek ýyl hem ösü­şi­ni do­wam et­di­rer. Dün­ýä bo­ýun­ça iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­lar iş­çi güýç­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin gib­rid iş düz­gü­ni­ni ös­dü­rer.
NFT. Soň­ky wagt­lar­da peý­da bo­lan bu adal­ga (on-fun­gib­le to­ken) esa­san sun­gat we güý­men­je pu­da­gy­ny gy­zyk­lan­dyr­ýar. Bu adal­ga san­ly sun­gat eser­le­ri, do­men at­la­ry we IP sal­gy­sy ýa­ly fi­zi­ki bol­ma­dyk zat­la­ry aň­lad­ýar. Haý­sy­dyr bir fi­zi­ki gym­mat­lyk­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da onuň baş­ga nus­ga­sy bol­ma­ýar.
Ba­ta­re­ýa. In­di aw­tou­lag­lar, sa­mo­kat­lar, we­lo­si­ped­ler, te­le­fon­lar, hat­da uçar­lar hem ba­ta­re­ýa bi­len iş­le­ýär. Bu bol­sa has uzak wagt ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän ba­ta­re­ýa­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne ze­rur­ly­gy art­dy­rar.

Ke­rim MU­HAM­ME­DOW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.