Global derejede arassa energiýa öndürýän beketleriň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalarynyň umumy önümçilik kuwwatynyň 290 gigawata ýetjekdigi mälim edildi. Gün beketlerine degişli Halkara Energiýa Agentliginiň taýýarlan Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň bazary atly maglumatyna görä, bu görkezijiniň 160 gigawatynyň (55,2 göterimi) Gün panellerinden alynjakdygy bellenilýär. Günden alynýan energiýanyň ýylyň dowamynda işe giriziljek umumy önümçilik kuwwaty geçen ýyldakydan 17 göterim ýokary bolar diýip çaklanylýar.
Maglumatda bellenilişine görä, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçilik kuwwaty 2026-njy ýylda 2020-nji ýyldakydan 60 göterim ýokary bolup, 4 müň 800 gigawata ýeter. Bu görkeziji häzirki wagtda ýerasty çeşmelerden hem-de ýadro beketlerinden alynýan energiýa deňeçer bolar.
Arassa energiýa önümçiliginde Hytaý öňdeligini dowam etdirer. Ýurtda 2026-njy ýylda ýelden we Günden alynýan energiýanyň umumy mukdary 1200 gigawata ýeter. Geljek 5 ýylyň dowamynda Hindistanda hem ýokary ösüşe garaşylýar. Bu iki ýurt bilen bilelikde Ýewropa hem-de ABŞ arassa energiýa önümçiliginiň 80 göterimini öndürer.
Maral ORAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.