ABŞ-nyň Aý­da­ho şta­ty­nyň Boýs şä­he­ri­niň ki­tap­ha­na­sy­na ga­ra­şyl­ma­dyk sow­gat gel­di. Bu sow­gat gu­tu­syn­da ýa­zy­jy Keýt Uig­gi­niň «Re­bek­ki­niň tä­ze ýyl­ýaz­gy­sy» at­ly ki­ta­by bar. Bu ki­tap 110 ýyl­dan soň­ra ki­tap­ha­na yzy­na gaý­ta­ryl­ma­gy bi­len uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Bu ki­ta­by ady näbel­li oky­jy Kar­ne­gi ki­tap­ha­na­syn­dan 1910-njy ýyl­da alyp­dyr. Ol ki­ta­by 1911-nji ýyl­da tab­şyr­ma­ly eken. Ýö­ne kä­bir se­bäp­le­re gö­rä ki­tap tab­şy­ryl­man­dyr. Go­laý­da bu ki­tap goň­şy Gar­den-Si­ti şä­he­rin­den ki­tap­ha­na ibe­ri­lip­dir. Boýs şä­he­ri­niň ki­tap­ha­na­sy­nyň jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça hü­när­me­ni Lind­si Dri­ber­gen «Re­bek­ki­niň tä­ze ýyl­ýaz­gy­sy» at­ly ki­ta­byň ga­ty kö­ne ki­tap­dy­gy­ny we ony ki­miň alan­dy­gy ba­ra­da hiç hi­li mag­lu­ma­tyň sak­la­nyp gal­man­dy­gy­ny bel­le­di. Ki­tap uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da aýaw­ly sak­la­nyp­dyr.
Ki­tap­ha­na­nyň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2019-njy ýyl­da wag­tyn­da ge­ti­ril­me­dik ki­tap­lar üçin je­ri­me tö­leg­le­ri ýa­ty­ryl­dy. Eger bu tö­leg­ler ýa­ty­ryl­ma­dyk bol­sa, ki­tap üçin je­ri­me tö­le­giň 803 dol­la­ra ba­ra­bar bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. «Re­bek­ki­niň tä­ze ýyl­ýaz­gy­sy» at­ly ki­tap ça­ga­lar ki­ta­by bo­lup, 1907-nji ýyl­da çap edi­lip­dir. Ol «San­nub­ruk fer­ma­sy­nyň Re­bek­ka­sy» at­ly ki­ta­byň do­wa­my­dyr.

Ogul­je­mal AKY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.