«Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy 9 orun­lyk tä­ze «Sta­ria» mik­ro­aw­to­bu­sy­ny dö­ret­di. Uly maş­ga­la­lar we kär­ha­na­lar üçin ni­ýet­le­nen bu uly ulag 18 dýu­ým­lyk ti­gir, LED lam­pa­lar we pik­sel çy­ra­lar bi­len üp­jün edi­lip­dir. Mun­dan baş­ga-da, aw­tou­lag­da 9 sa­ny otur­gyç bo­lup, 4 ha­ta­ra ýer­leş­di­ri­len­dir. Di­wa­na ça­lym­daş üç orun­lyk otur­gyç di­ňe yz ta­rap­da bar, ga­lan ha­tar­lar­da iki sa­ny otur­gyç bar. Ikin­ji ha­tar­da­ky otur­gyç­la­ry gar­şy­sy­na öw­rüp, ýo­lag­çy­la­ryň ýüz­be-ýüz otur­ma­gy­ny hem üp­jün edip bol­ýar. Bu, esa­san, uly ýyg­nak­la­ra gat­naş­ýan adam­la­ryň kon­fe­ren­si­ýa bar­ýan wag­ty gür­rüň­deş­lik geç­me­gi­ne uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, aw­tou­la­gyň için­de ösen kon­tur yşyk­lan­dy­ry­ly­şy (saý­la­mak üçin 64 reňk) bar. Ulagyň içinde öz ýa­kyn hos­sar­la­ryň we dost­la­ryň bi­len ki­çi­räk dog­lan gün­le­ri, da­ba­ra­la­ry ge­çir­mek hem gy­zyk­ly bo­lar. Şeý­le-de, ho­wa­ny saz­laý­jy en­jam hem bo­lup, ol ýy­lyň äh­li pas­lyn­da ho­wa ýag­da­ýy­ny dur­nuk­ly sak­la­ma­ga ukyp­ly­dyr.
Ulagyň öň ta­ra­pyn­da üýt­ge­şik ýer­le­şiş bar. Sü­rü­ji­niň öňün­dä­ki pa­ne­liň üs­tün­de do­lan­dy­ryş pa­ne­li, mer­ke­zi kon­sul­da uly duý­gur ek­ran­ly ho­wa do­lan­dy­ryş pa­ne­li bi­len bir­leş­di­ri­len 10,25 dýu­ým­lyk multime­dia ul­ga­my bar. Umu­man aý­da­nyň­da, bu aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýu­jy­lar ön­dü­ren aw­tou­lag­la­ry­nyň dün­ýä ba­za­ryn­da is­leg bil­di­ril­ýän ulag bol­jak­dy­gy­na ynan­ýar­lar.

Ogul­jen­net NA­ZA­RO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň «In­for­ma­ti­ka we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry» ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.