Bel­gi­ýa­nyň Genk şä­he­rin­de okuw­çy­la­ry mek­de­be py­ýa­da ýa-da we­lo­si­ped bi­len git­mä­ge hö­wes­len­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň üçin ola­ra wir­tu­al pul tö­le­ner. Okuw­çy­lar bu pul se­riş­de­le­ri bi­len şä­her ki­tap­ha­na­la­ryn­da­ky ag­za­lyk tö­le­gi, ho­wuz ýa-da beý­le­ki gat­na­ýan gur­nak­la­ry­nyň tö­le­gi­ni ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik alar­lar.
Okuw­çy­la­ryň mek­de­be py­ýa­da ýa-da we­lo­si­ped­li gat­na­ýan­dy­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mek üçin ola­ra ýö­ri­te en­jam­lar ber­ler. Şol en­jam­lar mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň el tor­ba­sy­na ýer­leş­di­ri­ler. Ol hem okuw­çy­nyň he­re­ke­ti­niň tiz­li­gi­ni öl­çär we şon­dan hem okuw­çy­nyň nä­hi­li usul bi­len mek­de­be ba­ran­dy­gy kes­git­le­ner.
En­jam­lar mek­de­be çen­li ge­çi­len ýo­ly öl­çär. Ge­çi­len ýol nä­çe köp bol­sa, şon­ça-da köp pul ber­ler. Genk şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi bu baş­lan­gy­jy bi­len ýaş­la­ry sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne ug­ruk­dyr­ma­gy hem-de ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ho­wa­ny ha­pa­la­ýan bug gaz­la­ry­nyň uly bö­le­gi ulag se­riş­de­le­ri­niň pa­ýy­na düş­ýär.

Döw­let­ýar AL­LO­WOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.