Günlerde bir gün asmanda ganatlaryny ýaýyp ýören bir bürgüt goýun sürüsini görýär. Bat bilen aşaklygyna gaýdyp, penjeleri bilen bir guzyny garbap alýar-da, höwürtgesine äkidýär. Agajyň şahasynda muny synlap oturan bir garga özüni bürgüt ýaly güýçlüdirin öýdüpdir. Ýeleklerini çişirip, ganatlaryny açypdyr. Soňra bolsa, ulurak goçuň arkasyna gonup, penjeleri bilen mäkäm ýapyşyp, ony galdyrjak bolupdyr. Emma näçe dyrjaşsa-da, goç ýerinden hem butnamandyr. Hatda arkasyna garganyň gonanyndan habaram bolmandyr. Goçy göterip bilmejegine gözi ýeten garga uçmaga hyýallanypdyr. Emma penjesine çolaşan ýüň ony sypdyrmandyr. Gorkusyna batly ses bilen gagyldap başlapdyr. Muny gören çopan gargany tutup, öýüne äkidip, kapasa salyp goýupdyr.
Çopanyň çagalary bu sowgada örän begenipdirler, onuň adyny sorapdyrlar. Çopan: «Meniň bilşime görä, bu garga bolmaly, ýöne ol özüni bürgüt hasap edýär» – diýip jogap beripdir.
Her kimiň öz ukyby bolýar. Esasy zat öz ukybyňy bilip, şoňa ymtylmak gerek. Ulumsylyk edip, oňarmajak işiňe baş goşmagyň şowsuzlyga eltmegi mümkin.