Ýer ýüzünde täsin jandarlaryň we ösümlikleriň müňlerçe görnüşi bar. Şeýle ösümlikleriň biri hem litopsdyr. Bu ösümligiň ady “lithos” – “daş” we “opsis” – “şekil” diýen iki sany grek sözünden gelip çykandyr. Daşky şekili daşa meňzeş bolansoň, oňa “janly daş” hem diýilýär. Häzire çenli litopslaryň 37 görnüşi belli anyklanypdyr. Bu köpýyllyk ösümlik Günorta Afrikanyň günorta sebitlerinde, has takygy Botswana we Namibiýanyň çöllerinde ösýär. Tebigatda hek daşy, granit we gaýaly suwsuz topraklarda ösýär. Şeýle ekzotik ösümlik daşky görnüşiniň üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Bu ösümligiň boýy haýal ösüp, ýapraklarynyň ululygy 5 santimetrden kiçi bolýar. Ösümligiň diametri 2,5-3 sm bolan ak ýa-da sary (seýrek ýagdaýda goýy sary) reňkli gülleri bolýar. Litopsyň ýapraklary ownuk kiçi daşlara meňzeýär. Awgust aýynyň ahyryndan oktýabr aýynyň ortalaryna çenli gülleýän ösümligiň ýapraklarynyň arasyndan gül çykýar. Litopslar ýagtylygy söýüji ösümlik hasapalanyp, onuň gülleri gün günortan bolanda açylýar, gijesine ýapylýar. Güllemek döwri ahyrlaberende gijesine hem ýapylmaýar. Soňra tohumlaýar. Eger bu ösümlige Gün şöhlesi ýetmezçilik etse, ösüşiniň hayallaýar. Gül ýapraklary daşyndan seredeniňde çopantelpege meňzeýär. Hoşboý ysly gülleri bolan ösümlik on ýylyň dowamynda takmynan 50 mm ösýär. Litopslar medeni usulda hem ösdürilýär.
Güljan Törekulyýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.