Germaniýanyň wezipe möhleti tamamlanýan kansleri Angela Merkel hoşlaşyk dabarasyna gatnaşdy. Ýurduň goşuny tarapyndan guralan dabarada “Meniň üçin gyzyl bägüller ýagsyn!” aýdymynyň sazy ýaňlandy. Bu sazy eşiden Merkel göz ýaşlaryny saklap bilmedi.

Ýolbaşçylyk eden 16 ýylynyň dowamynda birnäçe kynçylyklary ýeňip geçmegi başaran tejribeli syýasatçy Germaniýanyň goşuny tarapyndan “Großer Zapfenstreich” (Uly tagma) baýragyna mynasyp görüldi. Merkel bu dabara belki-de soňky gezek Premiýer-ministriň gulluk ulagy bilen gitdi. Ýurduň zenan goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer tarapyndan garşy alnan Merkel harby orkestrden “Meniň üçin gyzyl bägüller ýagsyn!” (Für mich soll’s rote Rosen regnen) aýdymynyň sazyny çalmagy haýyş etdi.

Belli nemes aýdymçysy we aktrisasy Hildegrad Knefe degişli bolan bu sazyň notalary orkestriň repertuarynda ýok eken. Şol sebäpli bu saz az salym geçenden soň ýaňlandy. Şol wagt Merkel göz ýaşyny saklap bilmedi.

Dabaranyň ahyrynda goranmak ministri Angela Merkele gyzyl bägül gowşurdy.

Bu ýerde söz sözlän Merkel ynamyň syýasatda ähmiýetlidigine ünsi çekip, 16 ýylyň dowamynda birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolnandygyny, esasan hem, pandemiýa döwründe ynamyň ähmiýetlidigine göz ýetirendiklerini belledi.