4-nji dekabr ýetip gelýän Täze ýyla bagyşlanan gyzykly we aýratyn gündür. Bu gün “gyş jadygöýine” ynanýan hem-de Täze ýyla garaşýan her bir adama bagyşlanýar. 4-nji dekabrda dünýäniň köp ýurdunda poçta bölümleri Aýazbaba hat ibermek üçin hyzmatlar berip başlaýar. Ýeri gelende aýtsak, Finlýandiýanyň Demirgazyk polýusa ýakyn Rowaniýemi şäheriniň golaýynda bolup, bu ýerde Aýazbabanyň iş otagy bilen bilelikde poçta bölümi, sugunlar we çagalar üçin güýmenje seýilgähi bar. Demirgazyk polýusyna golaý bolan bu oba 1985-nji ýylda esaslandyrylýar. Santa Klausa hatlar diňe bir çagalardan däl, eýsem, ululardan hem gelýär. Bu ýerde Aýazbabanyň kömekçileri ähli hatlary okap gözden geçirýärler. Soňky ýyllarda Aýazbaba hat ýazýan çagalaryň sany köpelýär. Finlýandiýanyň poçta gullugyna 150 ýurduň çagalaryndan hat gelýär.
Her ýurtda Santa Klausyň dürlüçe ady bar. Hyýaly gahryman hem bolsa taryhçylar IV asyrda Türkiýäniň häzirki çäginde ýerleşen Mira şäherinde ýaşap geçen we durmuşynda köp ýagşy işler eden Nikolaýyň Santa Klausyň hakyky şahsyýeti bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Käbir ene-atalar çagalaryna sowgat ibermegi üçin Aýazbaba hat ýazdyrýarlar. Bu ýagdaý Täze ýylda çaganyň haýsy sowgady isleýändigini anyklamaga ýardam edýär.
Gülşat ORUNOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.