Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýäniň, Polşanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Özbegistanyň täjirleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan polietileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy.
Owganystanyň we Özbegistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 48 müň manatdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polietileni («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), pagta süýümini hem-de el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 160 million 269 müň manatlykdan gowrak boldy.