Ýer ýüzünde miwelerinden, iýmişlerinden, tohumyndan, ýapragyndan, kökünden ýa-da gülünden iýmit hökmünde  peýdalanylýan ýüzlerçe ösümlik bar. Olaryň biri hem pepinodyr. Gyrymsy agajyň bu görnüşine latynça “Solanum muricatum”  diýilýär. Itüzümler maşgalasyna degişli bolan bu ösümlige gawun armydy, süýji hyýar hem diýilýär. Hemişe gök öwüsýän bu ösümligiň watany Günorta Amerika hasaplanýar. Häzirki wagtda bu miwe Peruda, Çilide, Täze Zelandiýada giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Köpýyllyk agajyň boýy 1,5-2 metre ýetýär. Gülleri ownuk we ak reňkli bolýar. Miweleriniň 92%-ni suw tutýanlygy üçin ol örän şireli hem-de şekerlidir. Miwesiniň tagamy mangony ýadyňa salýar. Pepino miwesi karotine, demre, pektin maddalaryna, A, B2 we PP witaminlerine baýdyr. Miwesiniň agramy 180-400 gr bolup, daşky şekili gawuna çalym edýär, zolaklar bilen örtülen. Miwäniň içki merkezi böleginde hem gawunyňky ýaly tohumlary bolýar. Bu miwe barada ilkinji gezek 1553-nji ýylda Pedro de Leonyň “Perunyň ýyl ýazgysy” atly kitabynda beýan edilipdir. Bu bolsa onuň Peruda irki döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýän agaçlaryň biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Ol 1785-nji ýylda Ýewropa ýaýrap başlapdyr.

1980-nji ýyllarda pepino miwesine bolan gyzyklanma has artypdyr.

Häzirki wagtda dünýäde onuň 25 görnüşi ösdürilýär. Kadaly ýagdaýda ekilen tohumlar 26-28 derejede gögerýär, emma ony köpeltmegiň iň aňsat usuly kökünden köpeltmekdir. Pepino agajy gowy kök urýar we has ir miwe berip başlaýar. Ideg işlerinde hepdede bir gezek dökün bermek we zyýankeşlere garşy dermanlamaklyk gowy netije berýär. Bişen miwelerini 4-5 derejede uzak wagtlap saklamak bolýar. Pepinonyň käbir görnüşi otag şertlerinde penjiräniň öňünde hem ýetişdirilýär we ol ýeterlik çyglylygy, gurply topragy talap edýär.

Miwäniň himiki düzümi

A, B, K witaminleri, nikotin kislotasy, peýdaly minerallar, magniý, demir, kaliý, ýod, mis, taninler we pektinler saklanýar. Miwe ýokary kaloriýalylygy bilen hem belli, ýagny her 100 gramynda 80 kkal bar. Şeýle baý himiki düzüm pepino miwesini ynsan saglygy üçin ýaramly edýär.

Dermanlyk ähmiýeti

Miwe ylmy we halk lukmançylygynda bedendäki metabolik prosesleri kadalaşdyrmaga, gan damarlarynyň çeýeligini ýokarlandyrmaga, emosional stresleri peseltmäge, immuniteti berkitmäge, ýokanç kesellere garşy durmaga, öýjükleriň täzelenişini çaltlandyrmaga, daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden goranmaga, artykmaç agramy azaltmaga kömek edýär. Az kislotalylygy sebäpli ol aşgazan üçin hem howpsuzdyr.

Azyklyk maksatly peýdalanylyşy

Ýaponiýada we Günorta Amerikada pepino miwesinde süýjülikleri taýýarlamak asylly däp hasaplanýar. Täze Zelandiýada ondan tagamly suwuk naharlar taýýarlanylýar. Miweleri terligine, guradylan, konserwirlenen görnüşde ulanylýar.

Wepa HALYMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy