6-njy dekabrda Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasyyň we Erkin demokratik partiýasynyň makullanan şertnamasyna “Soýuz-90/Ýaşyllar” partiýasynyň agzalary hem gol çekdiler. 26-njy noýabrdan bäri dowam eden ses berişlige syýasy güýçleriň 57%-i gatnaşdy. Olaryň 86%-i gol çekmek üçin ses berdiler.
-Şeýle ajaýyp netijelerden gaty hoşal. Bu ses berişlik, gaty güýçli we dürli düzümlerden ybarat bolan kuwwatly täze federal hökümeti düzmäge mümkinçilik berdi – diýip, “Soýuz-90/ Ýaşyllar” partiýasynyň lideri Annalena Berbok belledi.
“Soýuz 90/Ýaşyllar” partiýasynyň lideri Annalena Berbok täze hökümetde daşary işler ministri wezipesine dalaşgär görkezildi. Geljekki kansler Olaf Şols Ministrler Kabinetinde gender deňliginiň saklanjakdygyny wada beripdi.
Germaniýanyň taryhynda ilkinji gezek 51 ýaşly hukukçy zenan Nensi Fezer içeri işler ministri bolar. Öňki Adalat ministri Kristina Lambreht goranmak ministri bolar. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ministrligi ozalky daşky gurşaw ministri Swenýe Şulsa geçer, täzeden döredilen gurluşyk ministrligine bolsa Klara Geýwits ýolbaşçylyk eder.
-Men aýratynam, ministrlikleriň indi zenanlar tarapyndan ýolbaşçylyk ediljekdigine buýsanýaryn. Muňa ine, geljekki içeri işler ministri, goranmak ministri we gurluşyk ministri mysal bolup biler. Meniň pikirimçe, bu gaty ajaýyp waka – diýip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň geljekki kansleri Olaf Şols belledi.
49 ýaşly Hubertus Haýl zähmet we durmuş ministri bolar. Şu günki günde iň möhüm wezipe bolan saglygy goraýyş ministrligine Karl Lauterbah ýolbaşçylyk eder. Wolfgang Şmidt Federal kansler edarasyna ýolbaşçylyk eder. “Soýuz-90/ýaşyllar” partiýasynyň esaslandyryjysy Robert Habek ykdysadyýet we howany goramak boýunça giňeldilen ministrligiň ýolbaşçysynyň portfeline eýe bolup, wise-kansler bolar. Onuň kärdeşi Jem Özdemir Oba hojalygy ministrligine ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem, “ýaşyllardan” Anne Spigel maşgala işlerine gözegçilik eder, 53 ýaşly Steffi Lemke daşky gurşawy goramagy öz üstüne alar.
Erkin Demokratik partiýa Bettina Ştark-Watsingeri bilim ministri wezipesine hödürledi. Marko Buçman Adalat ministrligine ýolbaşçylyk eder. Erkin demokratik partiýanyň (FDP) başlygy Kristian Lindner Şolsuň ornuna geçip, maliýe ministrliginiň başlygy wezipesine eýe bolar.
Indiki ädim – üç partiýanyň baştutanlary tarapyndan sişenbe güni koalisiýa şertnamasyna resmi gol çekiler. 8-nji dekabrda Bundestag, Germaniýanyň kansleri wezipesine Olaf Şolsuň dalaşgärligine ses berer. Şondan soň Ministrler kabinetiniň täze agzalary kasam kabul eder.
Ozal habar berlişi ýaly bu ses berişlikde Sosial-demokrat Olaf Şolsuň Kansler bolmagyna garaşylýar. Ol 26-njy sentýabrda Bundestaga geçirilen saýlawlardan soň “Ýaşyllar” we “Erkin Demokratik partiýasy” bilen birlikde döredilen Sosial-demokratlaryň koalisiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Germaniýanyň häzirki kansleri Angela Merkel täze kansleriň bellenilmegi bilen ygtyýarlyklaryny bes eder.