Häzirki wagtda adamsypat robotlaryň onlarçasy baram bolsa, entek bu enjamlar o diýen çeýe hereketleri ýerine ýetirip bilmeýär. Mundan ozal çüýşäniň gapagyny açmak, basgançakdan münüp-düşmek ýaly hereketleri ýerine ýetirip bilýän robotlar öndürildi. Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy robotlaryň bir zady gaty gysyp döwmeginiň ýa-da gowşak tutup elinden gaçyrmagynyň öňüni alýan sensor oýlap tapdy. Bu tehnologiýa robotlaryň bir güle-de zyýan ýetirmezden tutmagyna mümkinçilik berýär. Robotlaryň elindäki sensorlar arasynda duran zadyň iki tarapyndaky uzaklygy ölçeýär we ony tutjak bolanda edil barmaklarynyň ortasyna gabat getirýär. Şeýlelikde ony gaçyrman gysymlap bilýär. Ony gysan wagty agramyny hem hasaplaýar we götermek üçin gerek bolan iň az energiýany sarp edýär. Şeýlelikde dürli ululykdaky kartoşkany, bulgury ýa-da güli tutup bilýär.