Hy­ta­ýyň TCL kom­pa­ni­ýa­sy «Fold’n Roll» at­ly smart­fo­ny­ny ta­nyş­dyr­dy. Bu te­le­fo­ny ikä ep­läp hem-de gap­dal­ly­gy­na gi­ňel­dip bol­ýar.
«DTC 2021» at­ly ser­gi­de gör­ke­zi­len te­le­fon do­lu­ly­gy­na açy­lan­da ep-es­li gi­ňe­ýär. TCL-iň in­že­ner­le­ri 6 aý ozal şeý­le te­le­fo­ny iş­läp taý­ýar­la­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim edip­di­ler. «Op­po» kom­pa­ni­ýa­sy hem şu ýy­lyň ba­şyn­da iki ta­ra­pa gi­ňe­ýän te­le­fo­nyň nus­ga­lyk gör­nü­şi­ni ta­nyş­dy­ryp­dy. «Fold’n Roll» te­le­fo­ny­nyň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­niň baş­lan­jak we müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­jek wag­ty mä­lim edil­me­di.
«Coun­ter­point Re­se­arch» at­ly kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, ep­len­ýän te­le­fon ba­za­ry ösü­şi­ni do­wam et­di­rer. 2021-nji ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 9 mil­li­on sa­ny ep­len­ýän te­le­fon sa­ty­lyp­dyr. Gel­jek ýyl bu gör­ke­zi­ji­niň üç es­se ýo­ka­ry bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. 2023-nji ýyl­da bol­sa dün­ýä­de 90 mil­li­on ep­len­ýän te­le­fon müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da bu ba­za­ryň 88 gö­te­ri­mi­ni «Sam­sung» kom­pa­ni­ýa­sy eýe­le­ýär.

Kadyr Batyrow,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň talyby.