Du­baý­da do­wam ed­ýän «Expo 2020» ser­gi­sin­de ge­çi­ri­len fes­ti­wal bu çä­rä­niň myh­man­la­ry­nyň sa­ny­ny gör­ne­tin art­dyr­dy. Dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry­nyň gat­naş­ýan ser­gi­si­ne ba­ran myh­man­la­ryň sa­ny 6,5 mil­lio­na go­laý­la­dy. Ser­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän «Expo 2020 Fes­tive Pass» at­ly çä­re aý­dym-saz şü­we­leň­le­ri­ni, sport ýa­ryş­la­ry­ny, mil­li gün­le­ri, gy­zyk­ly güý­men­je to­par­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Bu çä­rä dün­ýä bel­li aý­dym­çy­lar, akt­ýor­lar, sun­gat us­sat­la­ry we beý­le­ki meş­hur adam­lar gat­naş­ýar. Ola­ryň ara­syn­da 15 ge­zek «Gram­mi» baý­ra­gy­nyň eýe­si bo­lan ame­ri­kan akt­ri­sa­sy Ali­şa Kiz hem bar. Ol bu ýer­de 10-njy de­kabr­da tä­ze al­bo­my «Ke­ys» bi­len kon­sert ber­di. Şol bir wag­tyň özün­de, «Man­çes­ter Si­ti»-niň fut­bol­çy­sy Pab­lo Za­ba­le­tta «Expo 2020»-niň myh­ma­ny bol­dy. «Expo World Cho­ir» at­ly çä­rä bol­sa 142 ýurt­dan sun­gat us­sat­la­ry gat­naş­dy. Ýö­ri­te me­de­ni we sport bäs­le­şik­le­ri­ne gat­naş­ýan­la­ryň sy­lag­lan­ma­gy bu çä­re­le­re bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny has-da art­dyr­dy. Me­de­ni çä­re­le­riň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li do­wam et­di­ril­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.
Hä­zi­re çen­li BAE-niň ila­ty­nyň 90 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy ko­ro­na­wi­ru­sa gar­şy do­ly san­jym edil­di. «Expo 2020 Du­bai» ser­gi­si­ne gat­naş­mak is­le­ýän da­şa­ry ýurt­lu­lar­dan san­jym alan bol­ma­gy ýa-da bu ýo­kan­jyň ýok­du­gy ba­ra­da de­giş­li res­mi­na­ma ta­lap edil­ýär. «Expo 2020 Du­bai» ser­gi­si gel­jek ýy­lyň 31-nji mar­ty­na çen­li do­wam eder. Bu ser­gi dün­ýä­ni hem­me­ler üçin has go­wy we ýag­ty gel­je­gi dö­ret­mä­ge kö­mek et­jek glo­bal baý­ram­çy­ly­ga ça­gyr­ýar.