Koreýa Respublikasynyň LG hem-de Kanadanyň «Magna Powertrain» kompaniýalary bilelikde elektroulag pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýarlar. Bilelikdäki kärhananyň baş direktory 20 ýyldan bäri LG-de zähmet çekýän Jong Won Sok bolar. Ol ýaňy-ýakynda LG-niň daşky gurşaw komponentleriniň işiniň ýolbaşçysy bolup işe başlady. 2016-njy ýyldan bäri «Magna» bilen bilelikde işleýän «Hаwer Peres» kompaniýasy täze önümçiligiň baş iş dolandyryjysy bolup, ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik eder. Bu kompaniýanyň awtoulag pudagynyň hiline gözegçilik etmekde çärýek asyrlyk tejribesi bar. Bilelikdäki kärhana «Magnanyň» awtoulag ulgamlaryndaky tejribesini LG-niň elektron hereketlendirijiler we inwertorlar üçin komponentleri işläp düzmek boýunça tejribesi birleşdirýär. «LG Magna e-Powertrain» zarýad berijiler, elektron hereketlendirijiler ulgamlaryny ösdürer. Bu şertnama elektroulag önümçiliginiň artmagy bilen bagly ýüze çykýan ýokary tehnologiýa bolan islegi kanagatlandyrmaga ýardam eder.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.