Horwatiýanyň Zagreb şäherinde sürüjisiz taksi gullugy döredilýär. Ony 2024-nji ýylda durmuşa ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Sürüjisiz elektroulaglar emeli aňyň kömegi bilen uzakdan dolandyrylar. Onuň esasy wezipeleri ugurlary kesgitlemek, awtoulagdaky elektron enjamlaryň maglumatlaryny seljermek bolar. Elektron enjamlar sürüjisiz taksileriň ýol ugrundaky hereket edýän we hereketsiz zatlary seljermegine mümkinçilik berer. Şu ýylyň ahyrynda şeýle sürüjisiz awtoulaglaryň birini synag etmek hem-de ony halk köpçüligine hödürlemek meýilleşdirilýär. Zagrebde sürüjisiz taksileriň sanly ulgamy döredilenden soňra ony Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň 20 şäherinde ulanmak meýilleşdirilýär.
Ýagmyr ÇALIKOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.