Sosial ulgam saýty “TikTok” “Virtual Dining Concepts” bilen ABŞ-da diňe sargyt edilen nahary salgysyna eltip berýän restoran zynjyryny döretmek üçin hyzmatdaşlyk eder. Bu hyzmatdaşlyk 2022-nji ýylyň mart aýynda işe giriziler. “Virtual Dining Concepts”-iň esaslandyryjysy Robert Erl bu bileleşigiň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli 300-den gowrak restoranyň boljakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, restoranlaryň menýusy ýylda dört gezek täzelener we sosial ulgamyň ulanyjylarynyň iň halaýan tagamlaryny öz içine alar. “TikTok” taslamadan gazanan girdejiniň sosial ulgam ulanyjylarynyň arasynda aşpezlik zehinini goldamak üçin ulanyljakdygyny belledi.