Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy 28-nji dekabrda “Xiaomi 12” seriýasyna degişli smartfonlary hödürlemäge taýýarlanýar. “Zoutons” elektron söwda platformasynda bu telefonlaryň suratlary peýda boldy. Ýokary durulykda ýaýradyan suratlarda telefonda 6,2 dýuým ekranyň, ekranyň aşagynda selfi kamerasynyň boljakdygyny görmek bolýar. Enjamyň ölçegleri 152,7 x 70 x 8,6 mm bolan “Xiaomi Mi 11”-den has ykjam. Telefonyň arka tarapynda üç kameraly dizaýn bar. Esasy kameranyň 50 MP boljakdygy bellenilýär. Telefon 4nm “Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1”-e esaslanýar. “Xiaomi 12” bu tehnologiýada gurlan ilkinji telefonlaryň biridir. Telefonyň batareýasy 5000 mAh. Mundan başga-da, “Xiaomi 12”-iň 100 Watt çalt zarýad bermek aýratynlygynyň bolmagyna garaşylýar.