Awstraliýa Milli uniwersitetiniň alymlary XXI asyryň ahyryna çenli 1500 diliň gutarnykly ulanyşdan galjakdygyny anykladylar. Olaryň barlaglary “Nature Ecology and Evolution” atly žurnalda çap edildi.

Alymlaryň pikiriçe, dünýäde resmi taýdan ykrar edilen 7000 töweregi dil bolup, olaryň ýarysyna golaýy howp astyndadyr. Barlagyň awtorlary Lindell Bromham hökümetleriň dilleriň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin gyssagly çäreleri görmelidigini aýtdy.

Umuman alanyňda, awtorlar dilleriň ýitip gitmegine täsir edýän 31 faktory ýüze çykardylar. Bularyň arasynda bilim babatda ýurtlaryň syýasatlary, durmuş-ykdysady görkezijiler, ekologiýa we döwletiň kanuny taýdan ykrar edilmegi aýratyn orun eýeleýär. Şol bir wagtyň özünde, beýleki diller bilen aragatnaşyk, olaryň ösmegine päsgel bermeýär.

Barlaglaryň iň geň galdyryjy tarapy ýol infrastrukturasy boldy. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, ýollar obalary şäherlere näçe köp birikdirýän bolsa, dilleriň ýok bolmak howpy şonça-da ýokarydyr. Sebäbi has meşhur diller az adamlaryň ulanýan dillerini gysyp çykarýar.

-Ýerli halklaryň dilleri, maliýeleşdirmäge we goldawa mätäç. Ýerli jemgyýetlere maýa goýmak, howp abanýan dilleri goramaga we ýakyn ýüzýyllykda geljekki nesiller üçin gorap saklamaga kömek eder – diýip, alymlar bellediler.