Häzirki wagtda dünýäde ýük gatnawynyň uly bölegi deňizler arkaly amala aşyrylýar. Şeýle bolansoň, deňiz gatnawynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmak üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda, esasan, ýangyjyň tygşytlanmagyna degişli işler edilýär. Bu çykdajylary azaltmaga hem ýardam edýär. “Airseas” atly kompaniýa ýük gämileri üçin ýelken işläp taýýarlaýar. Kompaniýa golaýda gäminiň kiçeňräk nusgasyny synagdan geçirip başlady. Geçirilen synaglarda gämä oturdylan ýelken ulgamynyň ýangyjy 20 göterime çenli azaltmagyna ýaram edýär. Kompaniýanyň hünärmenleri bu ýelkeniň islendik gämä oturdylyp bilinjekdigini belleýär. Awtomat usulda açylýan gysga wagtda ýel bilen dolýan ýelken ýeliň güýjündne maksimum derejede peýdalanýar.

Ýeri gelende bellesek, “Michelin” kompaniýasynyň hem şeýle taslamasy bar. Fransuz kompaniýasy “Wing Sail Mobility” (WISAMO) atly çişirip bolýan ýelken ulgamyny işläp taýýarlaýar. “Wing Sail Mobility”-niň dürli ululykdaky ýelkenleri bolar. Has uly gämilerde iki ýelkeniň goýulmagy göz öňünde tutulýar.

Deňizlerdäki yzygiderli ösýän ýel bu ulgamyň işjeň bolmagyna şert döredýär.

Mähri Gylyçmämmedowa,

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.