Arktika tegeleginde ýerleşýän Alýaskada adaty bolmadyk yssy howanyň aralaşmagy gündizine ortaça temperaturanyň 15,5C-den geçmegine, güýçli sowuk we gar ýagmagyna garaşylýan bu döwürde güýçli ýagşyň döremegine sebäp boldy. Hepdäniň ahyrynda temperaturanyň -28 gradusa düşmegine garaşylýar. Şeýle-de bolsa, sebitde termometrler 19,4 dereje görkezip rekord täzeledi. Güýçli ýagyş elektrik togynyň kesilmegine sebäp boldy. Köp ýollar ýapylypdy. Meteorologlar gysga wagtda howanyň üýtgemeginiň global maýylganlygyň netijedigini, bu ýagdaýyň geljekde has ýygy görüljekdigini duýdurdylar. Alýaskanyň meteorologiýa merkeziniň işgäri Rik Toman Kodiak adasynda temperaturanyň geçen ýekşenbe güni 19,4 dereje ýetendigini habar berdi. Alýaskanyň Ulag edarasy ýollaryň ýüzünde emele gelen buz örtügi sebäpli ýollaryň uzak wagtlap howply boljakdygyny duýdurdy. Şeýle-de bolsa, bilermenler global maýylganlygyň netijesinde Alýaskada ýyly we çygly howanyň soňky iki onýyllykda has ýygylaşýandygyny belleýärler.