“Apple Inc.” şäherde koronawirus ýokanjy sebäpli Nýu-Ýorkdaky 11 dükany wagtlaýyn ýapandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu ýagdaýa gözegçilik edilýändigini, işgärleriniň we müşderileriniň saglygyny goramak üçin çäreleriň görülýändigini aýtdy. “Apple”-iň Manhattan, Bruklin, Bronks we Staten adasyndaky şahamçalary ýapylar. Bu kompaniýa degişli ähli harytlaryň satuwy onlaýn usulda dowam eder. Dekabr aýynyň başynda kompaniýa Annapolisdäki, Maýamidäki, Ontariodaky we Ottawadaky dükanlarynyň wagtlaýyn ýapylýandygyny habar beripdi. Şol bir wagtyň özünde, “Apple” söwda nokatlaryna baryp görmegiň düzgünlerini has-da berkitdi: müşderiler hökmany agyz-burun örtügini dakmaly. Mundan ozal kompaniýa muny diňe häkimiýetleriň degişli karar kabul eden sebitlerinde talap edýärdi.