Dünýä ilatynyň 20%-i ýaşaýan Hytaýyň mekgejöwen we beýleki däne ekinleriniň ätiýaçlyklarynyň ýarysyndan gowragyny toplandygy barada habar beriş serişdeleri mälim edýär. Soňky bäş ýylda ABŞ-dan, Braziliýadan we beýleki ýurtlardan satyn alnan önümler sebäpli soýa, mekgejöwen we bugdaý importy has-da ösdi. ABŞ-nyň oba hojalyk ministrliginiň çaklamasyna görä, Hytaý 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýädäki mekgejöweniň 69%-ine, tüwiniň 60%-ine we bugdaýyň 51%-ine eýeçilik eder.
Sygyr etiniň, doňuz etiniň, süýt önümleriniň we miweleriň importy birnäçe esse ýokarlandy. Hytaý azyk üpjün edijilerini hem satyn alýar. Şeýle-de Hytaýyň öňdebaryjy eti gaýtadan işleýän kärhanasy Ýewropaly hyzmatdaşy – Täze Zelandiýanyň iň uly süýt kompaniýasyny satyn aldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasy mundan ozal galla, ösümlik ýaglary we şeker ýaly önümler üçin dünýä bahalarynyň rekord derejede ýokarlanandygyny habar beripdi.