Birnäçe ýyllap dünýäde iň köp ulag öndürýän kompaniýa bolan “General Motors” birnäçe ýyldan bäri bu ugurda Toyota” we “Volkswagen” ýaly kompaniýalardan yzda galypdy. Şeýle-de bolsa, 90 ýyldan bäri amerikan bazarynda bu ugurdaky rekordy elinde saklaýardy. Geçen ýyl ABŞ-da ýapon öndürijisiniň has köp ulag satmagy “Toyota”-nyň bu ýurtda hem öňe geçmegine sebäp boldy. Ýaýradylan maglumatlara görä geçen ýyl “Toyota” ABŞ-da iň köp satylan ulag bolupdyr.

“Lexus” we beýleki brendleri hem hasaba alanyňda jemi 2,3 million ulag satylypdyr. “Chevrolet”, GMC we “Cadillac” ýaly birnäçe brende eýeçilik edýän “General Motors” 2021-nji ýylyň dowamynda 2,2 million ulag satypdyr. “Toyota” awtoulag senagatynda ýüze çykan çip ýetmezçiligine garamazdan, Amerikadaky satuwyny 2020-nji ýyldaky bilen deňeşdireniňde 10 göterim artdyrypdyr.