5-nji ýanwarda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde öz işine başlan “CES 2022” sergisinde elektron enjamlarynyň ýüzlerçe görnüşi tanyşdyryldy. Bu ýerde mobil enjamlar, öý-hojalyk tehnologiýalary, awtoulaglar, oba hojalyk tehnikalary, awiasiýa we kosmos pudagyna degişli tehnologiýalar köpçülige görkezildi. Şolaryň biri hem ABŞ-nyň “John Deere” kompaniýasydyr. Kompaniýa dünýäniň ilkinji sürüjisiz traktoryny tanyşdyrdy. Soňky ýyllarda ekerançylykda awtomatlaşdyrmak we robotlaşdyrmak tehnologiýasyna has köp üns berilýär. Dünýä belli kompaniýanyň öndüren traktory GPS, kamera we emeli aň tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir.