Ýapon hünärmenleri ýakyn wagtda agaçdan ýasalan ilkinji emeli hemranyň uçurylmagyna taýýarlyk bilen baglanyşykly synaglara girişer. Synaga sakuranyň bir görnüşi bolan agaç saýlandy. Agaçdan ýasalan bu paneller açyk kosmosda 9 aý saklanyp, şondan soň alymlar emeli hemra ýasamak üçin haýsy materialyň has amatlydygy barada gutarnykly netijä gelerler.
Kub görnüşli kiçijik enjamyň daşyna Gün elementleri ornaşdyrylar, beýleki elektron enjamlar we antenna içinde ýerleşdiriler. Hemra 2023-nji ýylda uçurylar. Ýapon alymlarynyň pikirine görä, bu synag, kosmos gämilerini öndürmek üçin ekologiýa taýdan arassa material hökmünde agaçlaryň laýykdygyny subut edip biler.