1-nji martda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden ýurduň Kongresinde ýyllyk ýüzlenmesi bilen çykyş eder. Bu barada Ak tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer mälim etdi.

– Prezident Jozef Baýden, Palatanyň başlygy Nensi Pelosiniň 2022-nji ýylyň 1-nji martynda “Bileleşigiň ýagdaýy barada” ýüzlenme bilen çykyş etmek baradaky çakylygyny kabul etdi – diýip,  Žan-Pýer belledi.

Bu Jozef Baýdeniň Kongresiň iki palatasyna ikinji ýüzlenmesi bolar. Amerikan lideriniň çykyşynda içerki we daşary syýasat meselelerine deglip geçiljekdigi çak edilýär.